Moskwada geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň 14-nji mejlisiniň çäklerinde bilim we ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine garaldy.
Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Russiýa Federasiýasynyň aň-bilim ministriniň orunbasary, döwlet sekretary Andreý Korneýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda Naberežnyýe Çelny döwlet pedagogika uniwersiteti bilen alnyp barylýan köpýyllyk hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary her ýyl Türkmenistanda rus dili mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklaryny geçirýärler. Taraplar bu tejribäni mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen tarapy hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak maksady bilen, mekdep okuwçylaryny olimpiadalara taýýarlamak boýunça öňdebaryjy merkezleriň binýadynda bilelikdäki işleri ýola goýmagy teklip etdi. Şeýle hem 2027-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary we çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň netijesinde taraplar türkmen ýaşlarynyň zehinini Russiýanyň olimpiada taýýarlygy boýunça toplan tejribesi bilen utgaşdyrmagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini we halkara bäsleşiklerinde has ýokary netijeleri gazanmaga ýardam etjekdigini bellediler.







