Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlaryň zehinini we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler täze üstünliklere giň mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylmy gözlegler bilen meşgullanmagy we halkara derejesinde özüni tanatmagy üçin döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýan ýaş hünärmenleriň biri hem Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň kafedra müdiri, uly mugallym Şiraly Baýekowdyr.

1992-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Bakjaçy obasynda dünýä inen Şiraly Baýekowyň matematika ylmyna bolan gyzyklanmasy çagalyk ýyllaryndan kemala gelipdir. Ol 1999–2009-njy ýyllarda 27-nji orta mekdepde bilim alyp, matematika boýunça geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşypdyr. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda iki gezek ýeňiji bolmagy onuň bu ugurdaky zehininiň aýdyň görkezijisine öwrülipdir.

Geljekki kärini saýlanda matematika mugallymçylygyny maksat edinen ýaş hünärmen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň degişli hünärine okuwa girýär. 2014-nji ýylda ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Talyplyk döwründe okuwda gazanan üstünlikleri, ylym-bilime bolan höwesi we halkara bäsleşiklerindäki netijeleri nazara alnyp, oňa «Ýaş alymlyk» derejesi berilýär.

Şol ýyl Şiraly Baýekow özüniň bilim alan ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk işine başlaýar. Ol ýaşlaryň matematika ylmyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, zehinli talyplary ýüze çykarmak we olary halkara bäsleşiklerine taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýär. Mugallymyň bu ugurda gazanan netijeleri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolmagy bilen hem bellenilýär.

Şiraly Baýekow 2014-nji ýyldan bäri halkara talyplar matematika olimpiadalarynyň eminler toparynyň agzasy hökmünde hem çykyş edýär. Onuň taýýarlan şägirtleri halkara bäsleşiklerinde altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolup, türkmen ylmynyň we biliminiň abraýyny belende göterýärler.

Ylmy işlerini pedagogik tejribesi bilen utgaşdyrýan mugallymyň şu güne çenli 47 ylmy-usuly makalasy, 30-dan gowrak ylmy tezisi çapdan çykypdyr. Şeýle-de onuň «Ýokary matematikadan bäsleşik meseleleri», «Sanlar ulgamy» we «Matematikanyň taryhy» atly okuw gollanmalary bilim ulgamynda peýdalanylýar.

Şiraly Baýekowyň köpýyllyk zähmeti we hünär üstünlikleri 2026-njy ýylda hem mynasyp ykrarnama eýe boldy. Ol Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň pedagogik işgärleriniň reýtinginde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp, «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Bu üstünlikler ylym-bilime yhlasly çemeleşmegiň, yzygiderli gözlegleriň we ýaş nesliň kämil bilim almagy ugrunda çekilýän zähmetiň mynasyp netijesidir.