Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň baş sany 8 müňe golaýlaýar. Hojalykda mallaryň baş sanyny abat saklamak, olary gyş möwsüminde ýyly we dok ýagdaýda idetmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hojalygyň ýolbaşçysy Bagtyýar Hudaýkulyýewiň bellemegine görä, Garagumyň giň ýaýlalarynda bakylýan dowarlara tejribeli çopanlar seredýärler. Häzirki wagtda hojalykda 22 sürü bolup, olarda maldarçylyk işleri talabalaýyk ýola goýulýar.
Geçen ýaz möwsüminde ene mallardan 1 200-den gowrak sagdyn owlak-guzy alnyp, bu ugurda meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Hojalygyň dowardarlary şu ýyl hem önümçilik işlerini netijeli alyp barmaga we gyş möwsümine taýýarlykly girişmäge çalyşýarlar.





