Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Güýçbirleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Bazar Hudaýberenow tüwiçiligi ösdürmekde we bereketli hasyl öndürmekde daýhan zähmetiniň ähmiýetini aýratyn nygtaýar.

Kärendeçiniň bellemegine görä, ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy ene topraga yhlasly zähmet siňdirýän babadaýhanlaryň tutanýerli işine goýulýan hormatyň nyşanydyr. Bu baýram her bir oba hojalyk işgäriniň ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň netijelerini jemleýän, rysgal-berekediň we bolçulygyň dabaralanýan günüdür.

Tüwi halkymyzyň gündelik durmuşynda we milli aşhanasynda aýratyn orun eýeleýär. Gadymy döwürlerden bäri däne önümleriniň bolçulygy rysgal-berekediň, saçaklaryň bereketiniň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şonuň üçin hem tüwi öndürmek oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, daýhanlardan yhlasly zähmeti we jogapkärçiligi talap edýär.

Bazar Hudaýberenow ene topragyň bereketini artdyrmak, bol hasyl öndürmek we ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly zähmet çekmegiň her bir kärendeçi üçin uly mertebedigini belleýär.