Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan birleşiginiň önüm öndürijisi Aýtuwgan Absamatowyň bellemegine görä, häzirki wagtda oba hojalyk zähmetkeşleriniň esasy maksady «ak altynyň» hasylyny ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr.
Ol ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň işini kämilleşdirmek, gowaçany ösdürip ýetişdirmegiň ylmy esaslaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde her ýyl bol pagta hasylynyň ýetişdirilýändigini nygtaýar.
Daýhanyň aýtmagyna görä, döredilýän şertleriň we berilýän goldawyň netijesinde şu ýyl hem daýhan birleşiginiň meýdanlarynda pagtanyň bol hasyly kemala geldi. Häzirki döwürde zähmetkeşler ony öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak üçin tagalla edýärler.








