Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Rasul Rustamow kikboksing boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Italiýanyň Jesolo şäherinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 17–18 ýaşly türgenleriň arasynda 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş etdi. Rasul Rustamowyň gazanan üstünligi Lebap welaýatynyň ýaş türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda hem öz mümkinçiliklerini görkezýändigini tassyklaýar.

Bütindünýä kikboksing guramalarynyň assosiasiýasynyň (WAKO) guramagynda geçirilen çempionata 78 döwletden 4 müň 800-e golaý türgen gatnaşdy. Bu bolsa ýaryşyň ýokary bäsdeşlik şertlerinde geçendigini görkezýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri ýaryşy bir altyn, bir kümüş we dört bürünç medal bilen tamamladylar.

Rasul Rustamowyň dünýä çempionatynda gazanan bürünç medaly onuň şahsy üstünligi bolmak bilen birlikde, türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşýan netijeleriň biridir.