Türkmenabat şäherinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň II ligasynyň welaýat tapgyry tamamlandy. 116 küştçiniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda ýaş türgenler üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Açyk toparda geçirilen bäsleşikde 13 ýaşly Didar Baltaýew 7,5 utuk toplap, birinji orny eýeledi. 7 utuk gazanan Muhammet Bahramkulyýew ikinji, Nazar Narimanow bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Gyzlaryň we zenanlaryň arasyndaky ýaryşda hem ýaş küştçüler tapawutlandylar. 15 ýaşly Nurana Jumanýazowa 8,5 utuk toplap, ynamly ýeňiş gazandy. 30 ýaşly Maýsa Isaýewa 7,5 utuk bilen ikinji orny eýeledi. 14 ýaşly Nebahat Myradowa bolsa 6,5 utuk toplap, üçünji orna mynasyp boldy.

Türkmenabatda geçirilen bu ýaryş küşt boýunça zehinli türgenleri ýüze çykarmakda we olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýaş küştçüleriň gazanan netijeleri sebitde küşt sportunyň ösdürilýändigini görkezýär.