Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, bol hasyl ýetişdirip, Watan harmanyna goşant goşmakda zähmetsöýer daýhanlaryň hyzmaty uludyr. Welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri we tejribeli oba hojalykçylary şu ýylyň pagta ýygym möwsümine uly yhlas, tutanýerlilik bilen girişip, ilkinji günlerden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnamakda ýokary netijeleri gazanýarlar. Çärjew etrabynda hem pagta ýygymy barha gyzgalaňly dowam edýär.
Etrabyň J. Hekimow adyndaky daýhan birleşigi welaýatda öňdebaryjy hojalyklaryň biri hökmünde tanalýar. Bu ýerde zähmet çekýän tejribeli kärendeçiler bugdaýdan, gowaçadan we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almakda her ýyl guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Hojalygyň gazanýan üstünliklerinde her bir daýhanyň yhlasly zähmetiniň mynasyp paýy bar.
Daýhançylykdan rysgalyny tapyp, halal zähmeti bilen obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýan kärendeçileriň biri-de Nurmammet Salimowdyr. Ol daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynda zähmet çekýär. Nurmammet aga 14 ýyldan bäri ene topraga yhlas bilen hyzmat edip, gowaçadan we bugdaýdan bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär.
Kärende ýeriniň daş-töwereginiň bagy-bossanlyga bürenip durmagy hem onuň bagbançylykda toplan baý tejribesiniň, ýerden netijeli peýdalanmakdaky başarjaňlygynyň aýdyň güwäsidir. Nurmammet Salimowyň zähmet ýoly ýaş kärendeçiler üçin nusgalyk görelde bolup, ene topraga söýginiň we yhlasly zähmetiň üstünliklere ýetirýändigini görkezýär.






