Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda 2026-njy ýylyň bugdaý ekiş möwsümine badalga bermek mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Watan daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Raýimowa degişli 24 gektar meýdanda bugdaý ekişine ak pata berildi.
Dabaraly çärä Lebap welaýatynyň häkimi we onuň orunbasarlary, etrap häkimleri, welaýat we etrap derejesindäki degişli ýolbaşçylar, ýaşulular, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary we işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan welaýat ýaşaýjylary, şeýle-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Dabaranyň çäklerinde ekiş işleriniň geçirilişini görkezýän çäreler bilen bir hatarda oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi guraldy. «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşigine degişli 24 sany «John Deere» we 31 sany «CLASS» kysymly traktorlar meýdan işlerine gatnaşdy.
Şeýle hem çäräniň dowamynda oba hojalyk önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergileri guralyp, medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Aýdym-sazly çykyşlardan soň il sylagly ýaşulular bugdaý ekişiniň üstünlikli geçirilmegi, bereketli hasylyň ösdürilip ýetişdirilmegi we daýhanlaryň zähmetiniň rowaç bolmagy baradaky ýagşy arzuwlaryny aýdyp, ekişe ak pata berdiler.
Çärjew etrabynda geçirilen bu çäre Lebap welaýatynda 2026-njy ýylyň bugdaý ekiş möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülendigini görkezdi.













