Ýurdumyzda halal zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşine goşant goşýan adamlara aýratyn hormat goýulýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň dowamynda göreldeli zähmeti bilen tapawutlanan raýatlaryň bir toparynyň hormatly atlara we döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet sylagyna mynasyp bolanlaryň arasynda Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň tejribeli mehanizatory Toýly Joraýew hem bar. Ol 20 ýyla golaý wagt bäri bu kärde zähmet çekip, öz hünär ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Şu ýyllaryň dowamynda tehnikany dolandyrmagyň inçe tärlerini özleşdirip, tejribeli hünärmen hökmünde tanaldy.

Toýly Joraýew ýylyň dowamynda daýhanlaryň işine ýakyndan ýardam berýär. Ol ekin meýdanlaryny gowaça we bugdaý ekişine taýýarlamakda, tohum ekmekde, ekinlere ideg etmekde hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde yhlasly zähmet çekýär. Onuň jogapkärçiligi we öz işine ussatlygy kärdeşleriniň hem-de daýhanlaryň arasynda uly hormat gazanmagyna sebäp boldy.

Ýakynda ýörite habarçymyz tejribeli mehanizator bilen söhbetdeş bolup, onuň zähmet ýoly we hünär tejribesi bilen tanyşdy.