«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerime eýe bolýar. Şu çäreleriň çäklerinde welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bedew batly ösüşleriň belent waspy» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahat gadymy Amul şäherinden badalga alan «Amul—Hazar» atly ýörişiň ähmiýetine hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy.
Çärä Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat, şäher we etrap komitetleriniň işjeň agzalary, welaýat kazyýetiniň, Polisiýa müdirliginiň we Adalat bölüminiň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ösüş ýoluny, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ähmiýetini we gadymy Amuldan Hazar deňzine çenli uzaýan taryhy ýörişiň ähmiýetini dabaralandyrmak bilen bagly çykyşlaryň edilendigi bellenilýär.









