Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýaş nesle döwrebap bilim almaga ähli şertleri döredýän täze 400 orunlyk orta mekdep binasy ulanmaga berilmäge taýýarlanýar.

Bilim ulgamynyň häzirki ýagdaýyny gözegçilikde saklamak boýunça geçirilýän degişli çäreleriň çäklerinde Çärjew etrabynyň Hojaýly geňeşliginiň çäginde täze orta mekdebiň gurluşygy amala aşyryldy. Täze bilim ojagynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli — 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açylar.

Mekdebiň gurluşygy boýunça şertnama 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyryşy bilen «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň arasynda baglaşyldy.

Täze orta mekdebiň ulanmaga berilmegi Çärjew etrabynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňelder. Täze bilim ojagynyň okuwçylar üçin amatly we döwrebap şertleri üpjün etmegi, bilim-terbiýeçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutulýar.

Täze mekdep ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyna, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmegine hem-de geljekde ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişmegine giň mümkinçilikleri döreder.