Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda pagtaçylar şu ýyl hem ak altynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin möwsümleýin işlere yhlas bilen taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda pagta meýdanlarynda hasyllylygy ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde pagta ýygymyna 9-njy sentýabrda başlamaga ak pata berilmegi hem etrapdaky daýhanlaryň zähmetine täze badalga berdi. Häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda kemala gelen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnamak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde pagtaçylyk pudagynda gowy netijeler gazanýan kärendeçiler köp. Hojalygyň gowaça ekilen 1313 gektar meýdany 141 kärendeçä paýlanyp, olar 17 topara birleşdirildi.

Özlerine berkidilen ýerlerde agrotehniki çäreleri talabalaýyk ýerine ýetiren kärendeçiler bu ýyl hem ýokary görkezijileri gazanmagy maksat edinýärler. Hususan-da, 13-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Merdan Hudaýberdiýew, 16-njy toparyň kärendeçisi Azat Ýazmyradow ýaly daýhanlar ekinlere yzygiderli ideg etmekde kärdeşlerine görelde görkezýärler. Geçen ýyl bu kärendeçiler her gektardan 43 sentnerden gowrak pagta öndürip, netijeli zähmet çekendiklerini subut etdiler. Şu ýyl bolsa olar hasyllylygy her gektardan 45 sentnerden geçirmek maksady bilen işleýärler.

Gowaça meýdanlarynda ösüş döwrüniň dowamynda hatar aralaryny bejermek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suw üpjünçiligini ýola goýmak ýaly işler yzygiderli ýerine ýetirildi. Bu çäreleriň netijesinde meýdanlarda gowaçanyň hasylynyň gowy kemala gelendigi bellenilýär.

Ekinlere ideg etmek işlerinde Halaç etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň mehanizatorlary hem daýhanlara ýakyndan ýardam berýärler. Mehanizatorlar Gudrat Kulyýew bilen Ahmet Ibatow alnyp barylýan agrotehniki işlerde yhlasly zähmeti bilen tapawutlanýarlar.

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň meýdanlarynda gowaça köpçülikleýin hasyl toplap, pagta ýygymyna giňden taýýarlyk görülýär. Şeýle bol hasylly meýdanlara etrabyň beýleki daýhan birleşiklerinde-de duş gelmek bolýar.

Pagta ýygymynyň başlanmagyna az wagtyň galmagy bilen Halaç etrabynda zähmet depginleri has-da ýokarlandyrylýar. Daýhanlar ýetişdirilen hasyly bellenilen möhletlerde ýygnap, pagtaçylyk boýunça öňde goýlan meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler.