Lebap welaýatynyň Demirgazyk-Kürklük gaz ýatagynda täze gaz guýusy önümçilige girizildi. Sentýabr aýynyň başynda işe girizilen üçünji gaz guýusy Darganata etrabynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmekde goşmaça mümkinçilik döretdi.
Täze guýynyň bir gije-gündizdäki önümçilik kuwwaty 75 müň kub metr tebigy gaz bolup, ol etrabyň gaz üpjünçilik ulgamyna her gün goşmaça 75 müň kub metre çenli ýangyç ibermäge mümkinçilik berýär.
Guýudan tebigy gaz bilen bir hatarda gaz kondensatynyň hem alynmagy meýilleşdirilýär. Ýakyn döwürde gaz kondensatynyň gündelik önümçiligini 3 tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda täze guýy bilen bagly önümçilik işleri Lebap gaz çykaryş müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik bölümi tarapyndan degişli gaz ýataklarynda alnyp barylýar.
Demirgazyk-Kürklük gaz ýatagynda täze guýynyň işe girizilmegi sebitde tebigy gaz önümçiliginiň möçberini artdyrmak we ilatyň gaz üpjünçiligini has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.







