Uzak ömür sürüp, uly nesil daragtyny kemala getiren ýaşulular jemgyýetimizde aýratyn hormata eýe. Şeýle il sylagyna mynasyp ýaşulularyň biri hem Hojamazar geňeşliginde ýaşaýan Tyllagözel enedir.

1924-nji ýylda dünýä inen Tyllagözel ene şu ýyl 102 ýaşyny garşylaýar. Ol uzak ömrüniň dowamynda dürli kynçylyklary ýeňip geçip, zähmet çekip, maşgalasynyň aladasyny edip ýaşandygyny belleýär.

Tyllagözel ene 42 ýaşyndaka ýanýoldaşyndan aýrylyp, çagalaryny ýeke özi terbiýeläp ýetişdiripdir. Şondan soň hem durmuşdaky ähli kynçylyklara garamazdan, çagalarynyň aladasyny edip, olaryň kemala gelmegi üçin uly zähmet çekipdir.

Häzirki wagtda Tyllagözel enäniň uly maşgalasy bar. Onuň 8 çagasy bolup, olaryň 4-si oglan, 4-si gyz.

Enäniň nesil daragty hem diýseň uludyr. Ol 56 agtygyň, 117 çowlugyň we 22 ýuwlugyň mähriban enesi hem-de uly nesliň ak saçly ýaşulusydyr.

Bir asyrdan gowrak ömri başdan geçiren Tyllagözel ene häzirki wagtda uly nesil daragtynyň arasynda, çagalarynyň we agtyk-çowluklarynyň hormat-sylagynda ýaşaýar. Onuň ömür ýoly tutanýerliligiň, maşgala ojagyna wepalylygyň hem-de nesil terbiýesine bagyşlanan uzak ömrüň nusgasydyr.