Lebap welaýat kitaphanasynda etrap-şäher kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek, öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak hem-de hünär taýdan tapawutlanýan işgärleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.
Bäsleşigiň dowamynda kitaphana işgärleriniň hünär başarnyklary, iş tejribesi we täze tehnologiýalardan peýdalanmak ukyby gözden geçirildi. Şeýle hem kitaphana hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak, elektron ulgamlary ösdürmek we döwrebap iş usullaryny ornaşdyrmak bilen bagly ugurlara aýratyn üns berildi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa birinji orna mynasyp boldy.
Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa ikinji orny eýeledi.
Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa bolsa üçünji orna mynasyp boldy.
Geçirilen hünär bäsleşigi kitaphana işgärleriniň özara tejribe alyşmagyna, öňdebaryjy iş usullarynyň ýaýradylmagyna we kitaphana ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşyny has-da giňeltmäge ýardam berýän çäreleriň biri boldy.









