Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýokary okuw mekdepleriniň ekologiýa we durnukly ösüş ugurlaryndaky işini bahalandyrýan «UI GreenMetric World University Rankings — 2026» halkara reýtingine girizildi. Türkmenabat şäherinde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi Türkmenistanyň sanawa giren 12 bilim ojagynyň biri boldy.

Halkara reýtingiň 2026-njy ýyl üçin netijeleri Azerbaýjanyň Baku şäherinde yglan edildi. Şu ýyl dünýäniň 110 ýurdundan 2016 sany ýokary okuw mekdebiniň görkezijilerine baha berildi.

Bahalandyrma işinde ýokary okuw mekdepleriniň ekologiýa we durnukly ösüş bilen bagly işiniň dürli ugurlary göz öňünde tutuldy. Olaryň hatarynda okuw binalarynyň we infrastrukturasynyň ekologik aýratynlyklary, energiýa serişdelerinden peýdalanylyşy, howanyň üýtgemegine garşy görülýän çäreler, galyndylary we suw serişdelerini dolandyrmak, ulag ulgamy, bilim we ylmy-barlag işleri, şeýle hem dolandyryş we sanlylaşdyrma bar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bu halkara reýtinge girizilmegi onuň ekologiýa we durnukly ösüş bilen baglanyşykly işiniň dünýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň görkezijileri bilen deňeşdirilmegine mümkinçilik berýär.

«UI GreenMetric World University Rankings» ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, serişdeleri tygşytly peýdalanmak we durnukly ösüş ýörelgelerini bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini bahalandyrýan halkara sanawlaryň biridir.