Pagta ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin möhüm çig mal çeşmeleriniň biridir. Daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilýän «ak altyn» gaýtadan işlenilenden soň, dokma we azyk senagatynda giňden ulanylýan önümlere öwrülýär.

Häzirki wagtda Çärjew pagta arassalaýjy kärhanasynda şu ýyl ýygnalan pagta hasylyny gaýtadan işlemek işleri depginli dowam edýär. Kärhananyň garamagyndaky dört sany pagta kabul ediş harmanhanasynda çig mal gije-gündiziň dowamynda kabul edilýär. Soňra ol gaýtadan işlenilip, pagta süýümi, gowaça çigidi we beýleki tehniki önümler öndürilýär.

Kärhanada öndürilýän pagta süýümi Gazagystana, Täjigistana, Gyrgyzystana we Türkiýä eksport edilýär. Şeýle hem onuň belli bir bölegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň kärhanalaryna iberilýär.

Gaýtadan işlenen pagta çigidi hem azyk senagaty üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Ol welaýatyň we Ahal welaýatynyň ýag arassalaýjy zawodlaryna, şeýle hem «Mary» azyk önümçilik birleşigine ugradylýar. Çigitden alynýan ýokary hilli ösümlik ýagy bolsa milli tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar.

Kärhananyň işgärleri öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň senagat we azyk önümçiligi pudaklarynyň ösüşine goşant goşýandygyna buýsanýarlar.