Lebap welaýatynyň ekerançylary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şaly oragyny üstünlikli tamamladylar. Şu ýyl welaýat boýunça 10 müň 200 gektar meýdana ekilen şalydan bol hasyl ýygnalyp, şertnamalaýyn borçnamalar ýerine ýetirildi.
Lebaply daýhanlar şaly ösdürip ýetişdirmegiň we ondan ýokary hasyl almagyň usullaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Ekerançylaryň bu ugurda toplan tejribesi hem-de oba hojalyk işlerini talabalaýyk guramaklary bereketli hasylyň kemala gelmegine ýardam berýär.
Watan harmanyna şaly hasylyny tabşyrmakda Halaç, Hojambaz, Çärjew, Kerki we Dänew etraplarynyň şalyçylary aýratyn tapawutlandylar.
Şaly oragynyň üstünlikli tamamlanmagy welaýatda oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, ilatyň azyk önümlerine bolan islegini ýerli önümçiligiň hasabyna kanagatlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň netijesidir.









