Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurtlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde okamaga gidýän ýa-da okuwyny dowam etdirýän talyplar üçin zerur bolan güwänamany resmileşdirmegiň tertibi barada maglumat berdi.

Güwänama Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndaky №202 buýrugynyň 1-nji goşundysyna laýyklykda berilýär. Bu resminama raýatyň bellenen tertipde daşary ýurtda okuwyny dowam etdirýän ýa-da daşary ýurt okuw mekdebinde okuwa täze başlan talyp hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýar.

Hasaba alyş nirede geçirilýär?

Raýatlaryň hasaba alnyşy olaryň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça etrap bilim bölümlerinde geçirilýär.

Hasaba alyş tertibi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 25-nji iýulyndaky №245 buýrugynyň 2-nji goşundysy bilen kesgitlenýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary bolsa Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine ýüz tutup bilerler.

Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi:
Salgysy: Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 148
Telefonlar: 39-35-01, 39-37-79
E-poçta: ashgabatmekdep@sanly.tm

Lebap welaýatynda nirede ýüz tutmaly?

Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary güwänama bilen bagly meseleler boýunça Lebap welaýat Baş bilim müdirligine ýa-da degişli etrap bilim bölümine ýüz tutup bilerler.

Lebap welaýat Baş bilim müdirligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky 39-njy orta mekdebiň binasy
Telefon: 447-6-00-81
E-poçta: lebapbilim@sanly.tm

Darganata etrap bilim bölümi
Salgysy: Darganata şäheri, H.Babaýew köçesi, 27-nji jaý
Telefon: 800445-2-01-06
E-poçta: renaatajanowa@gmail.com

Dänew etrap bilim bölümi
Salgysy: Dänew şäheri, Atamyrat aga köçesi, 4-nji jaý
Telefon: 800446-2-06-94
E-poçta: soltanowbazarbay@gmail.com

Çärjew etrap bilim bölümi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, Ý.Bäşimow köçesi, 8-nji jaý
Telefon: 800422-9-07-99
E-poçta: сarjewetrapbilimbolum@gmail.com

Saýat etrap bilim bölümi
Salgysy: Saýat şäheri, S.A.Nyýazow köçesi, 56-njy jaý
Telefonlar: 800447-2-11-75, 2-16-70
E-poçta: yayylowasayatbilim@gmail.com

Halaç etrap bilim bölümi
Salgysy: Halaç şäheri, S.Niýazow köçesi, 31-nji jaý
Telefonlar: 800441-2-03-01, 800441-2-03-02
E-poçta: agamyratgurban1987@gmail.com

Hojambaz etrap bilim bölümi
Salgysy: Hojambaz şäheri, S.Nyýazow köçesi, 55-nji jaý
Telefon: 800442-202-73
E-poçta: atajanhemrayew031192@gmail.com

Kerki etrap bilim bölümi
Salgysy: Kerki şäheri, S.Nyýazow köçesi, 98-nji jaý
Telefonlar: 800444-2-37-98, 800444-2-51-78
E-poçta: charyatajanowich@gmail.com

Köýtendag etrap bilim bölümi
Salgysy: Köýtendag şäheri, Türkmenbaşy köçesi, 32-nji jaý
Telefon: 800440-2-08-11
E-poçta: koytendagbilimonline@mail.ru

Farap etrap bilim bölümi
Salgysy: Farap şäheri, Jeýhun köçesi, 33-nji jaý
Telefon: 800433-9-15-95
E-poçta: nurguldowletowna@gmail.com

Garabekewül etrap bilim bölümi
Salgysy: Garabekewül şäheri, Mukaddes Ruhnama köçesi, 20-nji jaý
Telefon: 800443-2-53-28
E-poçta: bilimgarabekewul@gmail.com

Döwletli etrap bilim bölümi
Salgysy: Döwletli şäheri, Kerim Gurbannepesow köçesi, 81-nji jaý
Telefon: 800434-9-23-02
E-poçta: dowletlibilim@gmail.com

Güwänama almak üçin haýsy resminamalar gerek?

Güwänamany resmileşdirmek üçin şu resminamalar zerurdyr:

  • şahsyýeti tassyklaýan resminamanyň — milli we daşary ýurt pasportlarynyň nusgalary;

  • daşary ýurda ilkinji gezek gidýänler üçin daşary ýurt okuw mekdebiniň çakylygynyň we okuw baradaky kepillik hatynyň türkmen diline terjime edilen nusgalary;

  • wizanyň nusgasy;

  • harby şahadatnamanyň ýa-da harby hasaba alnandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

  • okuw edarasy tarapyndan berilýän bellenen nusgadaky sowalnama;

  • orta bilim baradaky şahadatnamanyň nusgasy;

  • 6×9 santimetr ölçegdäki bir sany reňkli fotosurat.

Resminamalar haçan kabul edilýär?

Resminamalar iş günlerinde sagat 14:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Ministrligiň maglumatyna görä, resminamalaryň nusgalary we möhürleriň yzlary aýdyň bolmalydyr. Sowalnama hem ünsli we ýalňyşsyz doldurylmalydyr.

Resminamalar şahsy ýagdaýda tabşyrylýar.

Daşary ýurtda bilim almagy meýilleşdirýän ýaşlara resminamalary öňünden taýýarlamak we hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça degişli bilim bölümine ýüz tutmak maslahat berilýär. Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary bolsa zerur maglumatlary welaýat Baş bilim müdirliginden ýa-da degişli etrap bilim bölüminden alyp bilerler.