Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Gyzylgül Berkeliýewna Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
Degişli Karara laýyklykda, Gyzylgül Ýollyýewa Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, ozal Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinde işlän Tawus Meýlisowna Amanowa eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Tawus Amanowa bu wezipä 2024-nji ýylda bellenilipdi.
Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.








