Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň matematika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, uly mugallym Şiraly Baýekow Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşiginde ikinji orny eýeledi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Şiraly Baýekow 149,05 utuk toplady.
Ýeňijileri kesgitlemekde ýokary okuw mekdepleriniň reýting bahalandyrma ulgamynda professor-mugallymlaryň gazanan görkezijileri, şeýle hem sanly platformada awtomatiki usulda hasaplanan netijeler esasy ölçegler hökmünde kabul edildi.
«Ýylyň mugallymy» döwlet bäsleşigi ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hünär ussatlygyny, ylmy-pedagogik işjeňligini we bilim ulgamynyň ösüşine goşýan goşandyny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler we baýrakly orunlara mynasyp bolan professor-mugallymlar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary bilen sylaglanar.






