1-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwrebap bilim toplumy ýokary bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, geljekki mugallymlaryň döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Açylyş dabarasyna Lebap welaýatynyň häkimi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlarynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, ak saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyp ýaşlar hem-de halk köpçüliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň ýörite münberinden eden çykyşy dabara gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly görkezildi. Döwlet Baştutanynyň rugsady bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky institutyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna badalga berildi.
Dabaranyň dowamynda il ýaşulusy Ergeş Talipowyň haýyşy bilen Türkmenistanyň Prezidenti täze bilim toplumynyň açylyş dabarasyna ak pata berdi. Şeýle-de täze binalarda döredilen şertleri görkezýän wideoşekiller Hormatly Prezidentimize hödürlendi.
Täze toplumda talyplaryň nazary we amaly bilimlerini kämilleşdirmek üçin döwrebap okuw we ylmy-barlag mümkinçilikleri döredildi. Dabara gatnaşyjylar institutyň baş binasynda ýerleşýän «Etnografiýa we arheologiýa muzeýine» aýlanyp, bu ýerde saklanýan taryhy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Şeýle hem myhmanlara «Defektologiýa» okuw otagynda döredilen şertler görkezildi. Himiýa boýunça wirtual tejribehanada döwrebap okuw tehnologiýalarynyň ulanylyşy, biologiýa boýunça ylmy-barlag tejribehanasynda ýaş alymlaryň alyp barýan işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Täze toplumyň düzüminde elektron kitaphana, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlary, sport binasy we beýleki zerur desgalar hem ýerleşýär. Bu mümkinçilikler ýaşlaryň diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, ylmy gözlegler bilen meşgullanmagyna, sport we medeni-durmuş işlerine işjeň gatnaşmagyna şert döredýär.
Açylyş dabarasynyň ýene bir möhüm wakasy institutyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek üçin ulag serişdeleriniň gowşurylmagy boldy. Lebap welaýatynyň häkimi institutyň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgat berlen jemi 11 sany awtoulagyň açarlaryny gowşurdy. Olaryň arasynda «Toyota Corolla», «Toyota Fortuner» we «Toyota Camry» awtoulaglary, «Yutong» kysymly üç awtobus we bir kiçi awtobus, şeýle hem ýörite maksatly birnäçe ulag bar.
Şeýle-de institutyň gazanan üstünliklerini tassyklaýan halkara derejeli şahadatnamalar we baýraklar gowşuryldy. Olaryň hatarynda ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň minnetdarlyk haty, Russiýanyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň sertifikaty, «Вклад в будущее» gaznasynyň sertifikatlary, ÝUNESKO-nyň Halkara Uniwersitetler Assosiasiýasynyň agzalyk şahadatnamasy hem-de ÝUNISEF-iň sertifikaty bar.
Açylyş dabarasy tamamlanandan soň daşary ýurtly myhmanlar institutyň talyplary üçin degişli ugurlar boýunça okuw sapaklaryny geçirdiler. Bu bolsa täze bilim toplumynyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem möhüm merkezleriň birine öwrülýändigini görkezdi.
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň kiçi mejlisler zalynda institutyň rektory bilen Russiýa Federasiýasynyň Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň prorektorynyň arasynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Resminama iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda bilim we beýleki degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Türkmenabatda täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ösüşinde möhüm tapgyr bolup, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryndan peýdalanýan, ylmy-döredijilik mümkinçilikleri giň we halkara hyzmatdaşlyga açyk täze bilim gurşawyny kemala getirýär.





















