Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ýurdumyzyň talyplary halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Şolaryň biri-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gurtgeldi Hanowdyr.
Gurtgeldi Hanow ýylyň dowamynda birnäçe halkara matematika bäsleşigine gatnaşyp, dürli derejedäki baýraklara mynasyp boldy.
Ol Özbegistan Respublikasynyň Buhara döwlet uniwersiteti tarapyndan geçirilen «Buhara halkara matematika olimpiadasynyň» (BIMO-2026) şahsy tapgyrynda altyn, toparlaýyn tapgyrynda bolsa kümüş medal gazandy.
Şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Talyplaryň matematikadan VI halkara açyk olimpiadasynda» (OMOUS-2026) şahsy tapgyrda altyn, toparlaýyn bäsleşikde kümüş medala eýe boldy.
Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki ITMO milli gözleg uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Demirgazyk ýurtlarynyň talyplarynyň matematika bäsleşiginde» bolsa türkmen talyby I derejeli diplom bilen sylaglanyldy. Mundan başga-da, Bolgariýada geçirilen halkara matematika bäsleşiginde kümüş medal gazandy.
Gurtgeldi Hanow Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň talyby» bilim bäsleşiginde hem üstünlikli çykyş edip, ikinji orna mynasyp boldy.
Ýaş talybyň bu üstünlikleri onuň matematika ugrundaky taýýarlygynyň ýokary derejesini hem-de halkara bäsleşiklerde Türkmenistanyň abraýyna goşýan goşandyny görkezýär.






