Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde gurlan 600 orunlyk täze orta mekdep Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmäge taýýarlanýar.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin zerur şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde Farap etrabynda täze bilim ojagynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy.
600 orunlyk orta mekdebi gurmak boýunça şertnama 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyryşy bilen «Baş nur» hojalyk jemgyýetiniň arasynda baglaşyldy.
Täze bilim ojagynyň ulanmaga berilmegi Farap etrabynda okuwçylaryň bilim almagy üçin döwrebap we amatly şertleriň döredilmegine ýardam eder. Mekdepde ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, dürli ugurlardaky başarnyklaryny kämilleşdirmegi üçin degişli mümkinçilikleriň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
Täze 600 orunlyk orta mekdep Farap etrabynyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrar. Şeýle hem ol ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň ýene bir aýdyň beýany bolar.



