Lebap welaýatynda ilatly ýerleriň tebigy gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we gaz geçiriji ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. «Lebapgazüpjünçilik» müdirligi tarapyndan Milli maksatnamanyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri welaýatyň şäherlerinde we obalarynda gaz üpjünçilik infrastrukturasynyň giňeldilmegine gönükdirilendir.
2026-njy ýylyň başyndan bäri welaýat boýunça umumy uzynlygy 44 kilometr 148 metre deň bolan täze gaz geçirijileriň gurluşygy tamamlandy. Bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulan 44 kilometr 140 metrden 8 metr artykdyr.
Täze çekilen gaz geçirijileriň 16 kilometr 118 metri eltiji ulgamlara, 28 kilometr 30 metri bolsa içerki gaz torlaryna degişlidir. Şeýle hem olaryň 31 kilometr 732 metri oba ýerlerinde, 12 kilometr 416 metri şäherlerde we şäherçelerde guruldy. Bu işler, ilkinji nobatda, oba ilatynyň gaz üpjünçiligini gowulandyrmaga we täze hojalyklary tebigy gaz ulgamyna birikdirmäge mümkinçilik berýär.
Ýylyň dowamynda Dänew we Kerki etraplarynda gaz geçirijileriň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Bu etraplaryň hersinde çekilen täze ulgamlaryň uzynlygy 5 kilometrden geçdi. Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde täze hojalyklara 3 kilometr 900 metrden gowrak gaz geçirijisi çekildi. Dänew etrabynyň Ýyldyz geňeşliginde bolsa 2 kilometre golaý täze gaz ulgamy guruldy.
Mundan başga-da, Halaç etrabynda 4,8 kilometr, Çärjew we Farap etraplarynyň hersinde 4,3 kilometr, Köýtendag etrabynda 3,6 kilometr, Darganata etrabynda bolsa 3 kilometre golaý gaz geçirijisi çekildi. Saýat we Hojambaz etraplarynda hem degişli işler alnyp baryldy. Döwletli etrabynda täze ulgamlaryň uzynlygy 2 kilometrden geçdi, Garabekewül etrabynda bolsa 1,5 kilometre golaý boldy.
Täze gaz geçirijileriniň gurulmagy welaýatda gaz üpjünçilik ulgamynyň gerimini giňeltmek bilen bir hatarda, ilatly ýerlerde hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga hem ýardam edýär. Aýratyn-da, oba ýerlerinde täze hojalyklaryň gaz ulgamyna birikdirilmegi ýaşaýjylaryň gündelik durmuşynda amatly şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleri we işçi toparlary tarapyndan alnyp barylýan işler welaýatyň gaz üpjünçilik infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ilaty tebigy gaz bilen durnukly üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň dowam edýändigini görkezýär.









