Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) ýurduň sebitlerinde ýerli şertlere laýyklykda durmuşa geçirmegiň we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemegiň usullaryna bagyşlanan okuw maslahaty başlandy.

Çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, IV tapgyr» atly taslamasynyň çäklerinde guraldy.

Okuw maslahatyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň hem-de ýaşlaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Çäräniň esasy maksady ýurduň sebitleriniň aýratynlyklaryny we milli strategik resminamalary nazara almak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek boýunça bitewi çemeleşmäni ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem maslahat 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş gün tertibini ýerli derejede durmuşa geçirmek boýunça bilim we tejribe alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Maslahatda DÖM-leri sebit derejesinde ýerli şertlere laýyklaşdyrmagyň mümkinçilikleri, sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli şertlere laýyklaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan Usulyýetnamanyň esasy düzgünleri we sebitler üçin DÖM görkezijileriniň sanawy ara alnyp maslahatlaşylýar.

Gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmek boýunça üstünlikli tejribeler we öňdebaryjy çemeleşmeler bilen tanyşýarlar. Şeýle hem DÖM-leri ileri tutmagyň usulyýetleri öwrenilip, her bir sebitiň aýratyn şertlerine laýyk gelýän ileri tutulýan wezipeleriň we görkezijileriň kesgitlenmegine degişli teklipler öňe sürülýär.

Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny ýerli derejede durmuşa geçirmek boýunça işler 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlandy. Şonda Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimlikleriniň, ylmy jemgyýetçiligiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy pudagyň we DÖM boýunça ýaş ilçileriň wekilleriniň gatnaşmagynda ilkinji okuw maslahaty geçirildi.

Şol çärede Durnukly ösüş maksatlarynyň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenip, olary sebit derejesinde ýerli şertlere laýyklaşdyrmagyň usulyýet esaslary hem-de sebitler üçin görkezijileriň sanawy hödürlenipdi.

Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerli derejede durmuşa geçirilmegi ýerli gün tertibini kemala getirmegi, degişli çözgütleri kabul etmegi we ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan görkezijiler arkaly alnyp barylýan işlere gözegçilik etmegi öz içine alýar.

DÖM-leriň durmuşa geçirilmegini çaltlandyrmaga gönükdirilen köp sanly çäreleriň sebit we ýerli derejede işlenip taýýarlanylmagy, ýerli jemgyýetleriň hem-de raýat jemgyýetiniň bu işe işjeň gatnaşmagy möhüm hasaplanýar. Bu çemeleşme «hiç kimi yzda galdyrmazlyk» ýörelgesine laýyk gelýär.

Türkmenabatda geçirilýän maslahatyň dowamynda sebitleriň 2030-njy ýyla çenli ösüş mümkinçiliklerine bitewi garaýyş döretmek, ileri tutulýan wezipeleri kesgitlemek hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça indiki ädimleri kesgitlemek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Şeýle okuw maslahatlarynyň 2–9-njy oktýabrda Balkan, Mary we Daşoguz welaýatlarynda hem geçirilmegi meýilleşdirilýär.