Türkmenabat şäherinde ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5000 orunlyk täze binalar toplumy ulanmaga berilmäge taýýarlanýar.

Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary bilim edaralary üçin täze mümkinçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gurlan täze toplumyň 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ak pata bermeginde teleköpri arkaly dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýunyndaky 596-njy kararyna laýyklykda, Türkmenabat şäherinde 5000 orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny gurmak boýunça «Nahal» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga rugsat berildi.

Täze binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň sentýabrynda başlanyp, 2026-njy ýylyň sentýabrynda doly ulanmaga berilmegi meýilleşdirildi.

Täze toplumyň düzümine 2 sany fakultet binasy, 5 sany umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin 1 sany ýaşaýyş jaýy, kitaphana, naharhana, sport binasy, 3 sany tehniki binalar toplumy, 1 sany hojalyk binasy, 2 sany barlag-geçiriş nokady, 4 sany 200 orunlyk üsti bassyrmaly awtoduralga hem-de 1 sany sport meýdançasy girýär.

Bu giň gerimli gurluşyk taslamasy institutyň okuw we ýaşaýyş şertlerini täze derejä çykarmaga gönükdirilendir. Täze binalar toplumynyň döredilmegi ýokary bilim alýan talyplar we mugallymlar üçin döwrebap bilim, ýaşaýyş hem-de dynç alyş şertleriniň üpjün edilmegine mümkinçilik berer.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurdumyzyň bilim ulgamynyň möhüm ýokary okuw mekdepleriniň biri hökmünde dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlaýar. Täze binalar toplumy institutyň okuw-maddy binýadyny has-da berkitmek bilen bir hatarda, mugallymçylyk hünärine gyzyklanýan ýaşlaryň döwrebap şertlerde bilim almagyna giň mümkinçilikleri açar.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda täze binalar toplumynyň teleköpri arkaly dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi bilen Türkmenabat şäheriniň bilim ulgamynda ýene bir möhüm waka belleniler.