Lebap welaýatynda 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda pagta süýüminiň önümçiligi 44,8 müň tonna ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,2 müň tonna köp bolup, önümçiligiň ösüş depgini 33,6 göterime deň boldy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Hasabat döwründe welaýatyň ekerançylary 174,2 müň tonna gök önüm öndürdiler. Ýeralmanyň önümçiligi 109,9 müň tonna, azyklyk bakja önümleriniň önümçiligi bolsa 132,1 müň tonna ýetdi.

Üzüm önümçiliginde hem ösüş gazanyldy. 2025-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda 4,8 müň tonna üzüm öndürilen bolsa, şu ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 5,3 müň tonna ýetdi. Miwe we ir-iýmiş önümçiliginde hem oňyn netijeler hasaba alyndy.

Welaýatda maldarçylyk pudagynda hem önümçilik görkezijileri ýokarlandy. Ýylyň ilkinji sekiz aýynda diri agramda 104,4 müň tonna et we 453,2 müň tonna süýt öndürildi.

Ýumurtga önümçiliginde hem ösüş depgini hasaba alyndy. Hasabat döwründe 191,3 million sany ýumurtga öndürilip, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 7,9 million sany ýa-da 4,3 göterim köp boldy.

Şeýle hem welaýatyň hojalyklarynda düýeleriň sany 5,9 müňe ýetdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 göterim artdy.

Önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagy Lebap welaýatynda oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk ugurlarynda işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini görkezýär.