Ogulnur Haýydowa, «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: Saýat etrap häkimliginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen bagly maslahat geçirildi. Maslahatda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, şeýle hem etrapda bu möhüm çärä mynasyp taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň onuň taryhy we syýasy ähmiýetini has-da artdyrýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet derejesindäki bu möhüm çärä ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda hem-de talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Saýat etrabynda durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, medeni we jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere hem üns berildi. Şeýle hem ilatyň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky orny, ähmiýeti hem-de ýerine ýetirýän möhüm wezipeleri barada düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Çykyşlarda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň ösüş ýolunda gazanylan üstünlikleri jemlemek, geljek üçin möhüm maksatlary we wezipeleri kesgitlemek babatda ähmiýetli umumymilli forumdygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda bu möhüm döwlet çäresiniň ýokary derejede geçirilmegine Saýat etrabynyň zähmetkeşleriniň hem mynasyp goşant goşmalydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara we jogapkär işgärlere taýýarlyk işlerini yzygiderli we guramaçylykly alyp barmak, bellenilen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.









