Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duryýap obasynda 400 okuwça niýetlenen täze 28-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Döwrebap bilim ojagynyň ulanmaga berilmegi oba ýaşaýjylary üçin şatlykly wakalaryň birine öwrüldi.
Täze mekdebiň binasy öňki okuw jaýynyň golaýynda gurlup, onuň gurluşyk işlerini «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Okuw jaýy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylyp, okuwçylaryň bilim almagy üçin zerur şertler döredildi.
Täze desganyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çärjew etrabynyň häkimi R.Jumaýew, il sylagly ýaşulular Ahmet Goçyradow we Keýik Abraýewa, 28-nji orta mekdebiň mugallymy Bagtygül Babamuradowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Babamyrat Jumaýew hem-de beýleki myhmanlar çykyş edip, täze mekdebiň açylmagy bilen bagly gutlaglaryny beýan etdiler.
Dabaranyň dowamynda mekdebiň gurluşygynda aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hem hormat-sarpa bildirildi. Işde özüni görkezendigi bilen tapawutlanan 10 sany gurluşykça Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Hormatly ýaşulularyň ak patasyndan soň täze mekdebiň açylyşyny alamatlandyrýan lenta kesmek dabarasy geçirildi. Myhmanlar okuw jaýynyň içki bölümlerine aýlanyp, synp otaglary we beýleki şertler bilen tanyşdylar. Täze mekdebiň okuw edaralaryna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýändigi bellenildi.
Mekdebiň synp otaglary enjamlaşdyrylanda ýurdumyzyň öndürýän ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdelerinden peýdalanyldy. Bu bolsa täze bilim ojagynda okuwçylar üçin amatly we howpsuz gurşawyň döredilmegine aýratyn üns berlendigini görkezýär.
400 orunlyk täze mekdebiň açylmagy Duryýap obasynda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin mümkinçilikleri has-da giňelder.


























