Lebap welaýatynyň Farap etrabynda gurlan täze 600 orunlyk orta mekdep Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
Döwrebap bilim ojagynyň açylyş dabarasy ýaş nesle ýokary hilli bilim we döwrebap terbiýe bermek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli işleriň nobatdaky möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Täze mekdebiň ulanmaga berilmegi etrapda okuwçylar üçin amatly bilim şertleriniň döredilmegine uly goşant goşar.
Täze orta mekdebiň gurluşygy 2025-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda baglaşylan şertnamanyň esasynda Lebap welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk dolandyryşynyň buýurmasy boýunça «Baş nur» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi.
600 okuwça niýetlenen täze bilim edarasynda häzirki zaman okuw şertleri döredilip, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Mekdepde okuwçylaryň nazary bilimlerini berkitmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegine ýardam etmek hem-de dürli ugurlar boýunça başarnyklaryny ösdürmek üçin amatly gurşaw üpjün edildi.
Täze bilim ojagynyň açylmagy Farap etrabynyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyryp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň nobatdaky aýdyň beýany boldy.



























