Lebap welaýatynyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dürli dabaraly çäreler geçiriler. Bilim edaralarynda okuwçylary täze okuw ýylyna ruhubelentlik bilen kabul etmek, ýaş nesle döredilýän mümkinçilikleri görkezmek we bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleri bellemek esasy ugurlaryň biri bolar.
Welaýat boýunça 2025-2026-njy okuw ýylynda jemi 23 561 sany okuwçy orta mekdepleri tamamlady.
Täze okuw ýylynda Lebap welaýatynyň orta mekdepleriniň birinji synpyna 20 988 sany çaga kabul ediler. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basjak körpelere Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyndan döwrebap kompýuterler dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Täze okuw ýylyna bagyşlanjak çärelerde sanly bilim ulgamyny ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýär. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň okuw işine giňden ornaşdyrylmagy ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we olaryň sanly başarnyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.
Şeýle hem bilim ojaklarynda ýaş nesle döwlet derejesinde edilýän alada, mugallymlaryň netijeli zähmeti we okuwçylaryň gazanjak üstünlikleri giňden belleniler. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr altyn zehinler» atly dabaraly çäreler geçirilip, zehinli we başarnykly ýaşlaryň gazananlary aýratyn üns berler.
Lebap welaýatynda täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dowam etdirilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, täze tehnologiýalary özleşdirmegi we geljekde hünär taýdan kämilleşmegi üçin täze mümkinçilikler döredýär.




